Grubymyzyñ esasy düzgünleri
Grubymyzyñ düzgünini bilmän grubymyza ýazylmak mümkin däldir. Grubymyzyñ düzgünlerini doly okamaly we kabul etmelidir.
1) Grubymyza girensoñ grupdaşlaryñyz bilen dogan ýaly bolmaly
2) Grupdaşyñyz bilen sögüşmek düýbünden gadagandyr
3) Grupdaşyñyzy sylamaly we hormat goýmalydyr
4) Kömek sorasa eliñden geldigiñçe kömek etmelisiñ
5) Grupbamyzyñ hemme hasaplaryna ýazylmalysyñ
6) Garşydaş gruplar bilen adminden buýruk bolmasa sögüşmek gadagandyr
7) Adminleriñ diýenini hökman etmelidir
8) Grupdadygñy eýleki grupdaşlaryña bildirmek we tanyşmak üçin saýtlarymyzda köp bolmalysyñ
9) Saýt hemmämiziñ saýdydyr
10) Hasaplarymyzda görünmelisiñ
Umuman şu düzgünleri berjaý etmelidir. Grubymyzyñ agzasy bolup hem ýene öñki edýän zadyñyzy edibermelisiñiz. Ýagny üýtgeşik zat ýokdyr diñe saýtlarymyzda hemem özimiziñ aýratyn resmi chat programasynda görünip, birem sögüşlere käwagt gatnaşsanyz bolýar. Ýene öñki etýän zatlaryñyzy ediberiñ akkaunt bolsañyz ýene şo akkauntyñyzy ýörediberiñ ýöne siz eýýäm Seljuklar Tm grubyñ agzasy hökmünde gitýäñiz. Ýöne eger akkaunt boljak bolsañyz halal bolmalysyñyz eger halal bolmasañyz grubymyza girip bilmeýäñiz. Akkaunt bolup agzalara ýalan sözlemäñ. Saýdymyz www.seljuklarofficial.org da aktiw bolmalydyr eger şeýle bolsa saýda serediji ýagny admin hökmünde goýular. Gyzyl goşuny tanaýan bolmagyñyz ahmal tanamaýanlar üçin olam bir 600 adamlyk grupdyr ýöne biziñ saýdymyza gelip sögmekleri ahmal. Dine saýdymyzda däl biz her ýerde olar bilen oñuşmadygymyz üçin elmydama sögüşip ýörendiris. Geñ görmän bu adaty ýagdaý bolup gitdi bizä öwrenişipdirisem... Eger grafika ökde bolsañyz ýada surat owadanlap bilýän bolsañyz, ýazgy, surat, wideo, grafika, bezemek ýaly ugurlary gowy bilýän bolsañyz adminlik derejesi beriler. Eger haýsy bir zadyñ admini bolsañyz aktiw alyp barmalysyñyz. Grubymyzda samsyklamak bolýan däldir. Agrasrak bolmak her ýerdede gowydyr. Diýjek bolan zadymy bilen bolsañyz gerek. Grubymyzda hakyky adyñyz dälde nigiñiz bilen ýöremelidir. Hökman öz nigiñiz bolmalydyr. Grubymyza jogapkär adminler bolýandyr.
Adminlerimizi tanalyñ.
2 nji admin - Garabela.
Hemme admin hökman şuñ diýenini edäýmelidir. Umumy gruba jogapkär şudyr.
3 nji admin - Wasemsof.
Esasy saýtlarymyzyñ umulygyna we açan hasaplarymyza jogapkär admindir. Saýtda düşünişmezlik bolsa ýada hasaplarymyz barada sorag ba bolsa çözüp berer.
4 nji admin - Ravzak.
Hasaplarymyzy ýöretýän admin.
5 nji admin - Dragos.
Eger saýtlarda sögüş bolsa ýada grupdaşlaryñyz bilen sögüşseñiz şuña ýüz tutuñ. Düşünişmezlik çyksa iki tarapy hem diñläp dogry karar çykarar hem eger başga gruplar bilen ýada Gyzyl goşunlar bilen sögüşmeli bolsa şu habar berer. Sögüşlere şuñ üsti bilen gatnaşarsyñyz.
6 njy admin - Deva.
Hemme adminlere jogapkär. Adminler näme etýär, näme iş etýär, başga gruplar bilen gatnaşýarmy ? Umumy adminlere jogapkär hökmünde goýulandyr. Adminler ýalñyş hereket etse duýdurmana, buýruk bermäne, diñlemese sögmänede haky bardyr. Adminleri adminlikden aýyrybam biler.
7 nji admin - Batolu.
Imo, Facebook, Twitter hasaplarymyzy ýöretýän admin. Eger surat owadanlasañyz ýada grubymyz barada islendik bir zat ýasasañyz şuña beriñ. Ýaýradar hem hasaplarymyzda paýlaşar.
8 nji admin - Gyzylbaşy.
Grubymyzyñ hemme agzalaryna jogapkärdir.
9 njy admin - Vatanabe.
Türkler, Ruslar we başga ýurtlar bilen gatnaşygymyza umumy jogapkär admin.
10 njy admin - Şahmaran.
Hekaýalar, wakalar, eserler, goşgylar, programalar, internet hyzmaty, gyzykly oýunlar soraglar we şuña meñzeş zatlara jogapkär admindir. Hemme zatlarymyzy şu oýlap tapýar.
11 nji admin - Lais.
Esasy Gyzyl goşun bilen sögüşimize, başga gruplar bilen ylalaşyk, sögüşige şu jogap berýändir. Eýleki gruplar bilen gatnaş diýmese gatnaşmak bolýan däldir.
12 nji admin - Gutulmyş.
Grubymyzyñ goşgy, logo, surat owadanlama, grafika, saýtlary bezemek, saýt açmak, hasap açmak we şuña meñzeş zatlara jogapkärdir.
13 nji admin - Öwezgeldi Serdar.
Syrly Wakalar Officialyñ admini.
14 nji admin - DTBase.
Grubymyzyñ mut reklam serwis bölümi DTBasedir. Mutjak reklam goýyp berýändir. Islendik temadada.
1 nji admin - ?
Birinji adminiñ kimdigi, gruby döreden, hemmämiziñ esaslandyryjymyzyñ kimdigini ynanaýyñ özümizem bilemzok. Hatda adminlerem. Diñe Garabela we Deva gürleşip bilýär. Başga hiç kim gürleşip bilenok. Adminimiz şo ikisine duýdurýar we olaram eýlekilere. Muny adminimiziñ özi isläpdir."Elmydama siz bilen doganlarym" diýip açyklama getirdi we diñe şo sözini bilýäs. Olam hemme agzalarymyz tarapyndan paýlaşyldy.
Köp kişi Çarlak bilen Ýatmaz atly agzalarymyzy adminmika öýtýär. Aslynda olar admin däldir elbetde adminlik derejesi beriljek boldy ýöne kabul etmediler.
Umuman şu düzgünlerimizi berjaý etmelisiñiz. Haýyş aktiw bolalyñ. Grubymyzy mundanam beter ösdireliñ. Biz diñe birlikde güýçlüdiris. Unutmalyñ !

Hiç yorum yok:
Yorum Gönder