Biziñ döreýşimiz. Biz nädip döredik ?
Salam mähriban dos ýarlarym. Köp kişi biziñ grubymyza goşulasy gelýär ýöne kabul edilmediler. Sebäbi biz başda 70 adamdan dörän özbaşdak maşgala grup biz. Olar gruby tanaýardylar. Sizem goşulmak isleseñiz ilki bilen hökman grubyñ düzgünlerini biläýmelidir. Düzgünleri doly bilmän gruba goşulmak mümkin däldir. Seljuklar Tm grup haçan döredi ? kimler döretdi, näme etýäs ? biziñ düzgünlerimiz näme ? Esaslandyryjylarymyz kim ? ýaly iñ köp soralýan soraglara şu yazgyda jogap berjek bolarys.
Ilki bilen biz nädip döredik. Näme sebäp bilen ?
Köpüñiz tanaýansyñyz, Seljuklar diýlende Gyzyl goşun atly grup bilen biziñ dawamyz ýadyñyza düşýändir. Elbetde biz olar bilen hijem oñuşmandyk we indem oñuşmarys. Biz barada köp kişi ýalñyş zat bilýär ýada göripler, çaga akkauntlar biz barada ýalan gep ýaýratýalar. Iñ esasy bilineni bolsa biz hacker grubymyşyn ýöne biz ony gizleýän ekenik. Doslar biz hackerlik bilen hiç bagymyz ýok biz hacker grup däl ýene aýtýas biz özbaşdak grup.
Aslynda dogrymyzy aýtsak biz Gyzyl goşunlar bilen sögüşip şu gruby döretdik. Ýagny Gyzyl goşun bolmadyk bolsa biz bolmaýadyk we olaram biz bolmadyk bolsak bolmaýardylar. Sebäbi başda grubymyz döremänkä biz 2018 nji ýylyñ ahyrlarynda imoda bir köp adamly grupda sögüşipdik. Sögüşi aslynda 2 adam başlatdy we oña garşy ýene 2 adam diklendi we olara sögip başlady. Soñra ýene başdaky ikisiniñ adam salmasy bilen olar biraz köpeldi we eýleki iki sanaga sögmäne başladylar. Grupdaky köp adam 2 adamy goldadylar we olaram eýlekilere garşy agzyndan näme gelse sögüşip başladylar. Goh ula gitdi. Soñabaka her tarapda 15 e golaý adam bolup tarap tarap sögüşip ugradylar. Ertesi gün ýene şo grupda öñkiden beter sögüş bolany sebäpli we erbet masgaralaýjy suratlary gruba yzygyderli ugradyp duranlary sebäpli başdaky oglanlar düýnki sögüşde tarapynda bolan adamlaryñ liçkasyna bararlar we gitdigiçe adam toplap başlarlar. Edil şularyñ edişi ýaly olaram ýanyna birtopar adam jemlemäne başlar we başda ynanmasakda 78 adama golaý üýşürip bilipdirler. Ony biz gruba salanda bildik 78 sany adamy ilki gruba saldylar we soñra düýnkileri çagyrdylar we iki köp adamly taraplar gaty erbet sögüşdiler. Ynanaýyñ sögiş öýlän 6 dan başlap 9 a çenli dowam etdi ýagny 3 sagat. Bu gezek has masgaralaýjy suratlaram ýasaldy grubyñ ady 100 gezek diýen ýaly masgaralap çalşyp üýtgedip duruldy.
Goh gowy ýatyşyp başlanda sagat 11 töwerekler boluberipdi. Ertesi gün agşam sagat 2 boluberende eýleki tarapyñ biziñ garşymyza ýasama, masgaralaýjy suratlary google goýlandygy bilindi. Elbetde internetde blogger dan blog açyp içini diñe biziñ masgaralama suratlarymyzy goýupdyrlar. Blogy bizi masgaralamak pese düşürmek üçin açypdyrlar. Muny ertesi hemme eýleki tarapyñ adamlary biler we olaram uly blok açyp olary masgaralarlar we soñ bloklaryñ teswirlerinde sögüşip başlarlar. Bu goh 2 hepdeden soñ Maryda bolan 3 oglanyñ urşundan soñra doly dynar we iki tarap hem şondan soñ bölünip özara gruba bölünerler. Iki sany grup açyldy. Aslynda ilki olar grup açmady ilki biz açanymyzdan soñra açdylar. Başda grupdygynam bilmedik ynanaýyñ hemmämiz üýşüp bir blokda chat bölümi açdyk we chatda ýazyşyp başladyk. Agzybir şekilde gürleşip, degişip gowy gürrüñdeşlik geçirerdik. Wah şo günler ýene gaýtalansady... Soñra birimiz imoda uly grup açdy we o grupda hemmämiz bir jemlenipdik. Umumy 70 e golaý adam bardy. Imodaky grupbanyñ adyna gruby açan dostymyz Seljuklar diýip goýdy we bu köpümize ýarady. At 2 - 3 gezek üýtgedildi soñ ýene başdaky adyñ gowydygy aýdyldy we grubyñ adyna Seljuklar diýip goýuldy. Adymyz şu ýerden gelip çykdy. Soñra ýene ýañky gruby açan dostymyz biz barada kiçijik logo ýasady. Başdaky logamyz bürgütli logo şu ýerde peýda boldy we has soñ biz barada eýleki adamlarymyzam suratlar çykaryp başlady. Soñ ýene ýañkyja imoda grup açan dostymyz vk da instagramda täze Seljuklar diýip hasap açdy we hemme adamlarymyz şoña ýazyldy. Soñra bolsa subdomainly ýene bir saýt açdy. Grubymyz eýýäm döräpdi. Grubymyzy açan doly belli däl bolsada, köp zady, instagramy, imoda grupbany, vkontakte hasaby, blok saýdymyzy şo dostymyz açany sebäpli esaslandyryjymyz şo hasaplandy. Aslynda başda 2 adam bilen sögüşenem şul eken. Soñabaka Likee hasaby açanyndan soñra adminimiz hasaplandy. Bagyşlañ admini tanadyp bilmeýän sebäbi özi tanatmamak isledi. Biz barada her hili suratlar owadanlap hasaplarymyzda paýlaşmana başlady. Soñ umumy grup halyna geldik we başga ýene 2 sany adam grubyñ düzgünlerini ýazdy. Bular şuwagt köp kişi tanaýan Garabela we Batoludu. Düzgüni ýazyjy esasy Garabelady we soñabaka grupdan 6 sany admin saýlap aldy. Hersiniñ etmeli düzgünleri paýlaşyldy. Biri programalar, biri internet barada, biri gyzykly hekaýalar, biri täsinlikler çöpläp olaram adamlar bilen paýlaşyp ugrapdy. Düzgüni ýazan we şuwagtam şo düzgüniñ ýöremegine sebäp bolan Garabela bolansoñ 2 nji adminimiz şo hasaplanýar. Soñra gerekli zatlar we adam köp bolany sebäpli ýene bir admine mätäçdik we şuwagt mut reklam serwis bölümümiz bolan, 10.000 adama ýakyn bolup mut reklam etýän hemme kişi tarapyndan tanalýan DTBase döredildi. Admin 7 sany boldy. Soñabaka has gyzykly zatlar oýlanylyp tapyldy we paýlaşyldy şeýdip belli boldyk aslynda. Başda sögüşen 2 oglanyñ biri grubymyzyñ adminidi we biri bolsa şuwagtky Garabelady. Biz başda sögüşemizde ýene bir grup döräpdir şuwagt tanaýansyñyz köpüñiz, Galtaman grup döredildi elbetde başda aramyzda oñuşmazlyk ýüze çykdy ýöne soñ düşünişdik. Şu sebäpden SGGY, ýagny Seljuklar.Tm we Galtaman gruplaryñ ylalaşygy döredildi. Indi biz ýenede başda sögüşen agzalarymyza duşduk we şowagtdan suwagta çenli sögüşip gelýäs... 2019 njy ýylyñ ahyrynda adminimiz bir sebäpden 3 aýlap hiç internede girmedi. Ana hemme zat şondan soñ başlandy. Jañ etsek jañam köp almady. Ilki başda grubymyzyñ imo hasabyny ýöretýan ijn s*keýin 6 njy admini grubyñ imodaky adyny üýtgetdi we öz adyny goýup official bolan boldy. Hemme 2 ýarym ýyllap üýşüren imodaky adamlarymyz şoñ elinde galdy we öz zatlaryny hödürläp ugrady. Aslynda biz imo hasaby hemme grup üçin yöretýädik, surat bolsa, agzalarymyzdan biri bir zat ýasasa, üýşüp düşen suratlarymyz umuman hemme zatlarymyzy şo paýlaşýardy. Imony esaslandyryjy şody şoña ynanylypdy ýöne gynansakda dönüklik etdidä. Başda hemmämiz diýen ýaly oña sögüpdik sögýäs welin blok etýädi. Hemmämiz sögüp sögüp blok edipdik. A üýtgeşik adamama galmady soñ. Biziñ imo hasabymyz ýapylypdy. Soñra 4 nji admin Deva bilen 2 nji admin Garabela oñuşmaýanlygy üçin Garabela grupdan admin gelýänçä çykjagyny aýtdy we grupdan çykdy. Admin bolmasa goşulamok, admin gelende görerin diýdi. Soñ 5 nji adminimiz bilen 3 nji adminimiz Batolu näçe ýalbarsada gelmedi we imosyny täzeledi. Umuman birden gözden ýitdi. Batolu birazajyk soñ gruby saklamany başarsada soñabaka grup dagap ugrady. Birek biregiñ diýeni edilmän ugrady. Umuman grup admin gideninden soñ doly dagady. Bu bolsa haramzada däli ijn s*keýin Gyzyl goşunynyñ peýdasyna boldy. Yzdan gep ýaýradyp, hawa biz dagatdyk diýip, ejiz diýip, dargady agzybir däl diýip umuman masgaralap ugrady. Gowy pese düşüpdik. Ýöne etjek alaç ýokdy grup doly dagady we köpüsi Gyzyl goşunyñ tarapynda geçdi. Şeýlelik bilen Gyzyl goşuñ 2019 2020 başlarynda gaty ösipdi. Grup agzalary 500 ba bolsa, umumy adamlary 12 müñe ýakyndy. Galtaman group şu ýerde bizi masgaralany üçin Gyzyl goşun bilen sögüşdiler we birtoparyny geplemez ýaly etdiler. Şu ýerden sagbolsyn aýtýan size...
Indi ýañy ýakynda öñkije adminimiz geldi we bolan zatlary aýtdy. Soñ biz gürrüñ berdik grubyñ dagandygyny, dönüklik edenliklerini aýtdyk. Muña elbetde gaharlandy we ýene öñkiligi dikeltmäni başardy Hudaýa sükür. Soñra ýalbaryp gelen haramzada dönüklerem gruba kabul edilmedi. Garabelany gözlap tapyp bilmesekde bir agzamyz eýdip beýdip tapypdyr. Şuwagt grubymyz aktiw haldamyka diýýän mundan beter ýene gyzykly zatlary size ýetirip durarys. Gyzyl goşun s*k panýatalar gelendiris indi arkaýyn boluberiñ ýerimizi taparyz...
Köp kişi bu grup täze we ýaman çalt döredi diýýär täze däl şo ýitgimiz sebäpli boldy. Ýöne ýene gardaşlarymyz, dostlarymyz, agzalarymyz kömek berip dursa nesip bolsa öñki halymyza geleris...

Hiç yorum yok:
Yorum Gönder